21.05.2022
24.06.2022

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi aşakdaky lotlar boyunça açyk görnüşli halkara tender yglan edýär:

Lot№1- “Bäherden” sement zawody üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, ýangyna çydamly we sarp ediş materiallary satyn almak

Lot№2- “Balkan” sement zawody üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, ýangyna çydamly we sarp ediş materiallary satyn almak

Lot№3- “Lebap” sement zawody üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, ýangyna çydamly we sarp ediş materiallary satyn almak

Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine ýüz tutup bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalaryny, ynanç hatyny we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 575 ABŞ dollary möçberinde (şol sanda 75 ABŞ dollary –GBS-i üçin töleg) ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde töleg tölemeli.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik teklipli bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bäsleşik resminamalary aýratyn iki bukjada kabul edilýär: söwda (söwda teklipli bukja diňe nyrh häsiýetnamasy girýär) we tehniki (tehniki teklipli bukja beýleki gerekli resminamalar girýär).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-00-19

+993 12 39-00-17

+993 12 39-00-21

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022