17.08.2022
08.09.2022

"Türkmenhimiýa" DK ýod, brom önümçilik zawodlaryny gurmak boýunça halkara tenderiň möhledini uzaldýar

“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan, Balkan welaýatyndaky “Balkanabat” ýod zawodynyň çig mal bazalarynyň durkuny täzelemek we ýod, brom önümçilik zawodlarynyň taslamasyny düzmek we doly gurmak boýunça halkara tenderiň möhledini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin GBS-i hasaba almak bilen 1150 (bir müň bir ýüz elli) amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursy boýunça manat görnüşinde (Türkmenistandaky gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, tender resminamalaryny almaly.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 39-01-64

(+99312) 39-01-73

Elektron salgysy:

info.turkmenhimiya@online.tm

th.gurlushyk@online.tm

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022