01.12.2022
25.12.2022

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi kagyz önümlerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi aşakdaky lot boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot №1 — Kagyz önümlerini satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlar görkezilip, ýazmaça arza bermeli;
  • bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • tehniki tabşyrygy almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde töleg geçirip, hasap belgisini almaly.

Bäsleşik teklipleri degişli möhür bilen kepillendirilen bukjada bolmaly. Bukjada anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (“Word” görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (“Excel” görnüşde) hem bolmaly. Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň serediler.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 25-nji dekabryna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň resminamalaryny aşakda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 44-64-21

+993 12 44-64-16

Faks:

+993 12 44-65-08

Elektron salgysy:

sowda.min.12@online.tm

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022