07.02.2023
21.02.2023

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy 2023-2026-njy ýyllar aralygynda çeýe sorujy-gysyjy turbaly gurluşy ulanmak arkaly hyzmat bermek boýunça № CIT-22121-SR belgili tender yglan edýär

Hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin zerur enjamlar we işgärler:

  1. Guýularyň düýpli abatlaýyş işlerini geçirmekde ullanyp bolýan çeýe sorujy-gysyjy turbalaryň toplumy bilen gerekli gurallar we kömekçi enjamlar.
  2. Mobil azot gurluşy.
  3. Ýokary basyşly sorujy.
  4. Gaz guýularynda gerekli hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ýokary hünärli topar.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Ýolbaşçynyň goly we möhri bilen bäsleşige gatnaşmak üçin resmi arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri we kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat bermeli;
  • Bu tender üçin teklip edilýän agregatlaryň we enjamlaryň ýerleşýän ýeri we häzirki ýagdaýy;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022