29.03.2023
12.04.2023

FAO ölçeg abzallary we enjamlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

FAO-nyň Ankaradaky şahamçasy FAO-nyň hem-de Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň bilelikdäki “Merkezi Aziýada we Türkiýede gurak we şor oba-hojalyk önümçilik landşaftlarynda toplumlaýyn tebigy baýlyklary dolandyrmak” taslamasynyň çäginde ösümlikleriň, topragyň, suwuň analizini geçirmek üçin ölçeg abzallaryny we enjamlary satyn almak hem-de Türkmenistanyň Aşgabat şäherine eltip bermek boýunça №2023/FETUR/FETUK/121335 belgili tender yglan edýär

FAO-yň tenderine gatnaşmak üçin UNGM-de (https://www.ungm.org/Vendor/Registration) hasaba alynmalydyr. UNGM-de kompaniýaňyzy nädip hasaba almalydygy barada has giňişleýin maglumat üçin www.ungm.org girip görmegiňizi haýyş edýäris.

Bellik: Bäsleşik teklipleri E-poçta ýa-da faks arkaly kabul edilmeýär.

FAO tender resminamalary bilen şu salga geçip, tanşyp bilersiňiz. Söwda resminamalary bilen baglanyşykly islendik düşündiriş UNGM-e gönükdirilmelidir.

Arzaňyzy tabşyrmagyň iň soňky möhleti 2023-nji ýylyň 12-nji apreli, Türk wagty bilen 17:30.

Bulary hem okaň
2022