09.02.2024
14.03.2024

“Demirýollary” AGPJ dizel hereketlendirijileri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti KTA-19 kysymly dizel hereketlendirijileri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-038 belgili açyk halkara tender yglan edýär:

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • lot üçin 200 amerikan dollary möçberde (şol sanda 26,09 amerikan dollary - GBS) tölegi töläp, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 55 otagda (1-nji gat) kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 38-31-04

+993 12 38-32-70

Faks:

+993 12 38-31-03

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 7
Bulary hem okaň
2022