10.12.2024
24.12.2024

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy sementleýji agregatlar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy НТП-175 nasosly sementirleýji agregatlar, СИН-32 nasosly guýulary kislotaly işleýji agregatlar hem-de УНБ 125x50 (toplum) desgasy üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça manatda we Russiýanyň pul birligi rublda №2024/48 belgili tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň tehniki talaplaryny (spesifikasiýany) almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da “www.oilgas.gov.tm” web saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Elektron salgysy:

tatneft.tender@mail.ru

Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin MTO boýunça inžener bilen şu telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +993-65-83-18-99, tehniki soraglar boýunça: +993 62-74-18-80

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022