10.03.2025
01.04.2025

Balkan welaýat häkimligi laboratoriýa enjamlaryny we himiki serişdeleri satyn almak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Balkan welaýat häkimligi Esenguly etrabynyň Esenguly şäherçesinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan deňiz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşyk-gurnama işlerinde ulanyljak serişdeler bilen üpjün edijini saýlap almak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Lot №1 — Laboratoriýa enjamlaryny we himiki serişdeleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde ýüz tutup, gerek bolan harytlaryň sanawy we möçberleri barada maglumaty welaýatyň Düýpli gurluşyk dolandyryş edarasyndan alyp bilersiňiz.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça görnüşdäki ýüztutma tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşigiň teklipleri 2025-nji ýylyň 1-nji apreline her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Telefon belgisi:

+993 (222) 2-01-15

+993 (222) 2-01-04

Faks belgisi:

+993 (222) 2-01-16

Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.
Bulary hem okaň
2022