Mary halkara howa menzili ýerüsti tehnikany satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň "Türkmenhowaýollary" agentliginiň Mary halkara howa menzili ýerüsti tehnikany satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Tendera gatnaşmak üçin:
1.Türkmenistanyň "Türkmenhowaýollary" agentliginiň Mary halkara howa menziliniň şertnama bölüminiň salgysyna (Türkmenistan, Mary şäheri, Gökje köçesi) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
- kompaniýanyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alyş resminamalary, bu ugurda iş tejribesi, kompaniýanyň jogapkär wekiliniň adyna ynanç haty, onuň el we iş telefony görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin ýazmaça arza;
- bäsleşige gatnaşmak üçin ýerli kompaniýalar 70,00 manat (Goşulan baha üçin salgyt bilen bilelikde); Türkmenistanyň rezidenti bolmadyk daşary ýurt kompaniýalary 20 (ýigrimi) ABŞ dollary möçberde tender ýygymyny tölemeli (Goşulan baha üçin salgyt şu bahaň içinde hasaba alnan we bank harajatlary hasaba alynmadyk). Pul geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza berlen mahaly berler. Bäsleşik teklipleri Mary halkara howa menziliniň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilýär.
- tehniki tabşyrygy Mary halkara howa menziliniň Şertnamalar ýa-da Gurluşyk bölüminden almaly
Bellik: offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Ýerine ýetirilen işleriň tölegi Türkmenistanyň milli pul birliginde – manat görnüşinde amala aşyrylar.
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 20 (ýigrimi) iş günüň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli Mary halkara howa menziliniň Şertnamalar ýa-da Gurluşyk bölüminde kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Goşmaça maglumat üçin aşakdaky telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:
8-522-6-31-20
8-522-6-31-17