Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
TDHÇMB
16.05.2025
29.05.2025
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy turba kesiji stanok üçin kesiji gural satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy awtomatlaşdyrylan turba kesiji stanok üçin kesiji gural satyn almak boýunça manatda №2025/16 belgili bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da “www.oilgas.gov.tm” web saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Elektron salgysy: tatneft.tender@mail.ru
Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin: +993 222 64366
Tehniki soraglar boýunça: +993 63 82 68 95
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Bulary hem okaň