Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
TDHÇMB
31.07.2025
28.08.2025
Balkan welaýat häkimligi ýol bellik çyzyklaryny çyzmak üçin ak reňkli boýagy satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Balkan welaýat häkimligi Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde hem-de Awaza etrabynda Balkan welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň jemagat hojalygy müdirliklerine degişli köçelerde ýol bellik çyzyklaryny çyzmak üçin ak reňkli boýagy üpjün etmek boýunça ýerli gurluşyk kärhanalarynyň arasynda potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden talap edilýän resminamalar:
- Gatnaşyjy tarapyndan doly ady görkezilen bäsleşige gatnaşmak baradaky ýazmaça arza;
- Edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
- Hususy kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşigiň teklipleri 2025-nji ýylyň 28-nji awgustyna çenli her gün sagat 09:00-dan 18:00-a çenli aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.
Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy
Bulary hem okaň











