“Türkmengazgurluşyk” TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär
Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygy üçin zerur bolan kömekçi materiallary satyn almak üçin potratçyny saýlap almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Lot №1 – Kömekçi materiallar we metal önümleri
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri şeýle hem kompaniýanyň alyp barýan işewürligi (esasy iş ugurlary, bu ugurda amala aşyran taslamalary boýunça iş tejribesi we ş.m) hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary möçberinde (GBüS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi tölemeli we soňra tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.
Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Bäsleşik teklipleri tenderde gatnaşmak üçin töleg “Türkmengazgurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna geçirilenden soňra kabul ediler.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Teklipleriň kabul edilmegi 30-njy senenama gününde ýerli wagt bilen sagat 12:00-da tamamlanýar.
Bellenen möhletden soň tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.oilgas.gov.tm web sahypasyndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 12 95-76-93
Elektron salgysy:
tapi-pmu@turkmengaz.gov.tm











