30.12.2025
10.02.2026

Türkmenistanyň Energetika ministrligi himiýa önümlerini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tender toparynyň adyndan öndürijileriň hem-de öndürijileriň resmi distribýutorlarynyň arasynda aşakda görkezilen lot boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №5 – Himiýa önümleri we kömekçi serişdeler

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen Lot üçin 500 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBüS-i hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 37-94-31

+993 12 37-94-33

Elektron salgysy:

tender@minenergo.gov.tm

Aşgabat ş., 2022 köç., 55
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022