05.01.2026
11.01.2026

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy aýlaw we statiki enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasyndaky abatlaýyş-mehaniki gullugy üçin aýlaw we statiki enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça CIT-25033-MR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Bäsleşige gatnaşmak üçin arza
  • Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat
  • Soňky üç ýylyň içinde nebit-gaz pudagynda bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat
  • Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň nusgasy

Arzalar bildiriş (oilgas.gov.tm saýtynda) çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmaly, sahypalary tikilmeli hem-de belgilenmeli we möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr. Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir.

Jogapkär hünärmen: Hasanowa Şasoltan

Telefon belgisi: +993-12-44-52-00 (5701)

Faks: +993-12-44 50 44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022