09.01.2026
18.01.2026

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy enjamlar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynda ýerleşýän “A” we Gündogar “B” bloklarynyň Önümçilik bölümleriniň, şeýle hem Suw we elektrik togy bölüminiň enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça № CIT-25038-MR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Bäsleşige gatnaşmak üçin arza
  • Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat
  • Soňky üç ýylyň içinde nebit-gaz pudagynda bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat
  • Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň nusgasy

Arzalar bildiriş (oilgas.gov.tm saýtynda) çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmaly, sahypalary tikilmeli hem-de belgilenmeli we möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr. Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir.

Jogapkär hünärmen: Hasanowa Şasoltan

Telefon belgisi: +993-12-44-52-00 (5701)

Faks: +993-12-44 50 44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022