“Demirgazyk söwda ýoly” HJ daşdan kagyz öndürýän tehnologik liniýany satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Demirgazyk söwda ýoly” hojalyk jemgyýeti daşdan kagyz öndürýän tehnologik liniýany satyn almak we işe girizmek boýunça №15-HJ belgili bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- bäsleşigiň tehniki talaplaryny almaly
- bäsleşik teklibi ibermeli
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 15 (on bäş) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar şu aşakdaky tertipde tabşyrylýar:
Ýerli kompaniýalar bäsleşik tekliplerini iki bukjada ("A" – umumy we tehniki şertler we "B"- maliýe şertleri) tabşyrmaly.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we bäsleşigе degişli anyk maglumaty görkezilen salgydan alyp bolýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 222-2-07-34
Elektron salgysy:
demirgazyksovdajoly@gmail.com











