25.03.2026
05.05.2026

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak, gurnamak we işe girizmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi köp hyzmatly maglumat geçiriş toruny (Internet ulgamyny) döwrebaplaşdyrmak maksady bilen aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün etmek, gurnamak we işe girizmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplar ýazmaça arza tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasyny almaly.

Bäsleşik teklipleri (tehniki we täjirçilik teklipleri) iki aýratyn bukjada taýýarlanyp, aşakda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmalydyr. Teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

(+99312) 44-90-76

Faks:

(+99312) 44-93-75

744036, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 88-nji jaý
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022