Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi DWDM enjamlary we maglumatlary geçiriji ulgamlary bilen üpjün etmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi aşakdaky lotlar boýunça halkara bäsleşik yglan edýär:
Lot №1 - DWDM enjamlary we maglumatlary geçiriji ulgamlary bilen üpjün etmek, olary gurnamak we işe girizmek (zolak 1)
Lot №2 - DWDM enjamlary we maglumatlary geçiriji ulgamlary bilen üpjün etmek, olary gurnamak we işe girizmek (zolak 2)
Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplar ýazmaça arza tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasyny almaly.
Bäsleşik teklipleri (tehniki we täjirçilik teklipleri) iki aýratyn bukjada taýýarlanyp, aşakda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmalydyr. Teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
(+99312) 44-90-76
Faks:
(+99312) 44-93-75










