29.04.2026
30.05.2026

“Weatherford Oil Tool Middle East Limited Turkmenistan” tehniki gazlar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

“Weatherford Oil Tool Middle East Limited Turkmenistan” kompaniýasy tehniki gazlar bilen üpjün etmek boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

1. Tenderiň predmeti:

Tehniki gazlaryň üpjünçiligi:

  • asetilen (C₂H₂)
  • propilen (C₃H₆)

Gazlar ballonlarda ýa-da taraplaryň ylalaşygy boýunça beýleki laýyk gaplarda, degişli hil standartlaryna we senagat howpsuzlygy talaplaryna laýyklykda üpjün edilmelidir.

2. Üpjünçiligiň göwrümi:

  • Takmynan göwrümi: bäsleşigiň ýeňijisi bilen ylalaşylar.
  • Üpjünçilik tertibi: bäsleşigiň ýeňijisi bilen ylalaşylar.

3. Üpjün edijilere bildirilýän talaplar:

  • Tehniki gazlary öndürmek we/ýa-da üpjün etmek üçin hereket edýän ygtyýarnamanyň bolmagy.
  • Önümleriň döwlet we halkara hil standartlaryna laýyk bolmagy.
  • Senagat kärhanalaryna haryt üpjünçiligi boýunça iş tejribesiniň bolmagy.
  • Howply maddalary daşamak we saklamak düzgünleriniň berjaý edilmegi.

4. Üpjünçilik şertleri:

  • Harydyň tabşyrylyş ýeri: “Weatherford Oil Tool Middle East Limited Turkmenistan” kompaniýasynyň ammary.
  • Üpjünçilik möhletleri: ylalaşylan tertip boýunça.
  • Töleg şertleri: ylalaşyk esasynda (nagt däl hasaplaşyk).

5. Arzalary tabşyrmagyň tertibi:

Tehniki soraglar boýunça: +993 64 44-62-62

Täjirçilik teklipleri şu elektron poçta iberilmeli: Maral.Saparova@weatherford.com

6. Arzalary kabul etmegiň soňky möhleti: 30-njy maý 2026 ý.

Bulary hem okaň
2022