19.05.2026
25.05.2026

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy sorujy-gysyjy turbalaryň defektoskopiýa barlaglaryny geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançanyň çaginde 2026–2029-njy ýyllarda düýp işleri geçirilende mufta sepleriniň gaz syzyşlarynyň we sorujy-gysyjy turbalaryň barlagyny geçirmek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça № CIT-26019-SR belgili bäsleşik yglan edýär

Bu hyzmatlar, esasan, buraw desgasynda guýularda işlemek üçin ýerasty enjamlary bilen sorujy-gysyjy turbalary (NKT) düşürmek işleri wagtynda ulanylar.

Potratçy geliý ulanyp, NKT-niň mufta sepleriniň gaz syzyşlaryny anyklamak üçin zerur enjamlar toplumy, bazalaýyn lager, tejribeli işgärler hem-de degişli gurallar bilen üpjün edilen bolmalydyr.

Şeýle hem, düzüminde wodorod sulfidiň we kömürturşy gazynyň ýokary mukdary bolan gaz känlerinde NKT turbalarynyň defektoskopiýa barlaglaryny weýran etmezlik usuly arkaly geçirmeli.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank rekwezitlerini görkezmek bilen Tendere gatnaşmak üçin resmi arza;
  • Tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmek üçin hasap belgisini almaly. Töleg geçirikmek hasap belgisi, ýazmaça arza tabşyrylan mahaly gowşurylar;
  • Tender reminamalaryň doly bukjasyny (ITB) almak üçin kompaniýanyň wekiliniň pasport nusgasyny, tender resminamalaryny almaga hukugy berýän esasy ynanç hatynyň nusgasyny we töleg geçirilendigini tassyklaýan resminamany görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022