04.06.2026
11.06.2026

Mary welaýat häkimligi gipohlorid natriý erginini satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Welaýatyň ilatyny agyz suwy bilen kadaly üpjün etmek maksady bilen welaýat häkimliginiň “Marywelaýatagyzsuw” müdirliginiň garamagyndaky agyz suwy desgalarynda agyz suwuny zyýansyzlandyrmakda ulanylýan gipohlorid natriý himiki erginini satyn almak üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edilýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden şu maglumatlar talap edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • edara-kärhananyň maddy binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri

8(522) 5-60-46

8(522) 6-06-21

Mary şäheriniň Ýeňişiň 50 ýyllygy köçesiniň 44-nji jaýy
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022