14.09.2026
24.09.2026

“Türkmengaz” DK gaz gysyjy bekedi gurmak boýunça halkara bäsleşigiň deslapky saýlamasyny yglan edýär

“Türkmengaz" döwlet konserni tender toparynyň adyndan Merkezi Garagumyň (Zäkli-Derweze) gazkondensat ýataklar toparynda awtonom elektrik öndüriji desga bilen bilelikde gaz gysyjy bekedini dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşigiň deslapky saýlamasyny yglan edýär

Tendere gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; (Arzalar diňe bu ugurda iş tejribesi bolan kompaniýalardan kabul edilýär. Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.)

Bäsleşik resminamalary şu bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär.

Bäsleşik resminamalary aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(+99312) 40-32-40

(+99312) 40-32-50

Faks:

(+99312) 40-32-59

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56
Bulary hem okaň
2022