Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi lagym suwlaryny arassalaýjy desgalaryň durkuny boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dik guýulary düýpli abatlamak we täze dik guýulary gurmak, şeýle hem lagym suwlaryny arassalaýjy desgalaryň, lagym beketleriniň we ulgamlarynyň durkuny täzelemek, zerur bolan täze lagym sorujy desgalaryny, sorujy beketleri we ulgamlary gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär
1-nji lot – Türkmenabat şäherinde 50 sany dik guýyny düýpli abatlamak we 50 sany täze dik guýyny gurmak.
2-nji lot – Türkmenabat şäherinde lagym suwlaryny arassalaýjy desgalary, lagym beketleriniň we ulgamlarynyň durkuny täzelemek, zerur bolan täze lagym sorujy desgalaryny, sorujy beketleri we ulgamlary gurmak.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar we teklipler şu ýylyň 16-njy noýabra çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 44-46-77
+993 12 44-46-64










