26.10.2026
04.12.2026

“Türkmengaz” DK maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça T/GAZ-037 belgili bäsleşige üýtgetmeleriň girizilendigini habar berýär

“Türkmengaz” döwlet konserni 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda öz zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça T/GAZ-037 belgili yglan eden bäsleşiginiň “Umumyzawod enjamlary” loty boýunça bäsleşik resminamalaryna üýtgetmeler girizilendigini we bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygyny habar berýär

Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 1500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Zerur maglumatlary www.oilgas.gov.tm salgysyndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Girizilen üýtgetmeler bilen baglylykda, bäsleşik tekliplerini kabul etmegiň soňky möhleti ýerli wagt bilen 2026-njy ýylyň 4-nji dekabrynda sagat 15:00-a çenli uzaldyldy.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 40-37-39, +993 12 40-37-40

+993 12 40-37-41, +993 12 40-37-42

Faks:

+993 12 40-37-45

Elektron salgysy:

info@turkmengaz.gov.tm

odum@turkmengaz.gov.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022