14.11.2026
20.11.2026

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy gaz geçirijisiniň taslamasyny düzmek, gurmak we işe gizirmek işleri boýunça bäsleşik yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň B blogunyň merkezi böleginde ýerleşýän Günorta Hojambaz gaz ýygnaýjy nokadyndan Girsan gaz ýygnaýjy nokadyna çenli ikinji gaz geçirijisiniň taslamasyny taýýarlamak, onuň üçin zerur enjamlary we materiallary satyn almak, ony gurmak hem-de işe girizmek işleri boýunça №CIT-26070-SR belgili bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank rekwezitlerini görkezmek bilen Tendere gatnaşmak üçin resmi arza;
  • Tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmek üçin hasap belgisini almaly. Töleg geçirikmek hasap belgisi, ýazmaça arza tabşyrylan mahaly gowşurylar;
  • Tender reminamalaryň doly bukjasyny (ITB) almak üçin kompaniýanyň wekiliniň pasport nusgasyny, tender resminamalaryny almaga hukugy berýän esasy ynanç hatynyň nusgasyny we töleg geçirilendigini tassyklaýan resminamany görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022