“Türkmengaz” DK umumy zawod enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Türkmengaz” döwlet konserni maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №T/GAZ-041 açyk bäsleşik yglan edýär
Lot №2 – Umumy zawod enjamlary
Lot №2 – Tehnologik enjamlar
Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 1500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Zerur maglumatlary www.oilgas.gov.tm salgysyndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Tendere gatnaşmak üçin teklipler 28.12.2026 ýerli wagt bilen sagat 15.00 çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bäsleşik teklipleri aşakda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmalydyr we konserniň bank hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.
Teklipler bäsleşige gatnaşmagyň tertibi baradaky görkezmä laýyklykda taýýarlanyp, iki aýry ýapyk bukjada, möhür bilen tassyklanyp tabşyrylmalydyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 40-37-39, +993 12 40-37-40
+993 12 40-37-41, +993 12 40-37-42
Faks:
+993 12 40-37-45
Elektron salgysy:
info@turkmengaz.gov.tm
odum@turkmengaz.gov.tm










