Hojamyrat Geldimyradow: ÝYB-niň agza ýurtlary Türkmenistanyň wajyp söwda hyzmatdaşlarydyr

Hojamyrat Geldimyradow: ÝYB-niň agza ýurtlary Türkmenistanyň wajyp söwda hyzmatdaşlarydyr
Ýewraziýa Hökümetara geňeşiniň giňeldilen düzümi, 2023-nji ýylyň 8-nji iýuny, Soçi, Russiýa (Surat: newscentralasia.net)

Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň (ÝYB) agza ýurtlary uly mümkinçilige eýe bolan we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny öz içine alýan Türkmenistanyň wajyp söwda hyzmatdaşlary bolup durýar, diýip Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 8-nji iýunda Russiýanyň Soçi şäherinde Ýewraziýa Hökümetara geňeşiniň giňeldilen düzümde geçirilen mejlisinde aýtdy. Bu barada ”News Central Asia” agentligi anna güni habar berdi.

“Häzirki wagtda döwletlerimiziň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy giň ulag hem-de logistika ulgamynyň emele gelmegine strategiki ünsi çekýär” diýip, wise-premýer aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň agza ýurtlary bilen ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada aýdyp, Türkmenistanyň ulag we logistika infrastrukturasyny çalt depginde ösdürýändigini we ýurtda häzirki zaman awtoulag ýollaryň we köprüler ulgamynyň gurlandygyny nygtady.

“Biz Merkezi Aziýa-Hazar deňiz-Gara deňiz we Merkezi Aziýa-Pars aýlagy ulag geçelgesini bilelikde ösdürmäge taýýardyrys” diýip, Hojamyrat Geldimyradow öz çykyşynda aýtdy.

“Döwletlerimiziň arasynda ýük daşamalarynyň köpeldilmegi, şeýle hem üstaşyr ugurlaryň ulanylmagy Merkezi Aziýadan Hytaýa we Ýewropa ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer” diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan bilen Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň agza ýurtlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň diňe bir taraplara ykdysady we söwda taýdan peýdaly bolman, eýsem döwletleriň integrasiýasy üçin goşmaça şertleriň döredilip bilinjekdigine ynam bildirdi.

Suratlar: newscentralasia.net

2022