“Mataçy”: Aşgabatda ýokary hilli panbarhat matalaryny hödürleýär

“Mataçy”: Aşgabatda ýokary hilli panbarhat matalaryny hödürleýär
Müşderiler bu dükandan diňe bir panbarhat matalaryny däl, eýsem ştapel polotnosynyň dürli görnüşlerini, dürli reňkli we görnüşli arap stilli ýaglyklary satyn alyp bilerler.

Aşgabat şäheriniň “Owadan” hyzmat ediş öýünde ýerleşýän “Mataçy” dükany uly meşhurlyga eýe bolan panbarhatlary, şeýle hem dürli görnüşli matalary amatly bahalardan müşderilere hödürleýär.

Dükanyň hünärmeniniň gürrüň bermegine görä, “Mataçy” dükanynda panbarhat matalarynyň giň görnüşleriniň bolmagy müşderilere isleglerine görä ýokary hilli, dürli reňkli panbarhatlary saýlap almaga mümkinçilik döredýär. Şeýle hem müşderiler panbarhat matalaryndan toýlara, baýramçylyklara hem-de beýleki dabaralara niýetlenilen nepis keşdeli we görnükli milli lybaslary tikinip bilerler.

Müşderiler bu dükandan diňe bir panbarhat matalaryny däl, eýsem ştapel polotnosynyň dürli görnüşlerini, şeýle hem dürli reňkli we görnüşli arap stilli ýaglyklary satyn alyp bilerler. Dükanyň tejribeli hünärmenleri müşderileriniň isleglerine görä matalary saýlamaga ýardam bererler.

Mundan başga-da, dükana barmazdan ýokary hilli matalary satyn almak isleýän müşderilere “Mataçy” dükany şäheriň içine eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Dükan her gün sagat 10:00-dan 20:00-a çenli müşderilerine hyzmat edýär.

“Mataçy” dükany müşderilerine şu salgy boýunça garaşýar: Aşgabat şäheri, “Owadan” hyzmat ediş öýi, 2-nji gat 215-nji dükan

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

+99361 64-88-55

+99365 65-72-05

Instagram: @matachy_tm

2022