Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň haryt öndürijileriniň sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň haryt öndürijileriniň sergisine gatnaşdy
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlary üçin “Dostluk agşamy”, 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabry, Duşenbe, Täjigistan (Surat: Täjigistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň haryt öndürijileriniň sergisine gatnaşdy.

Täjigistanyň "Howar" agentliginiň habar bermegine görä, sergi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäginde geçirildi.

Serginiň esasy maksady önümçilik kärhanalarynyň önümlerini tanyşdyrmak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek bolup durýar.

Suratlar: Täjigistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy

2022