“Oguz Syýahat” Türkmenistanyň çäginde dördünji şahamçasyny açdy

“Oguz Syýahat” Türkmenistanyň çäginde dördünji şahamçasyny açdy
Syýahat myhmanhanasynda "Oguz Syýahat" tur operatorynyň täze şahamçasynyň açylyş dabarasy, Aşgabat, Türkmenistan

Şu ýylyň 29-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde "Oguzabat" hojalyk jemgyýetiniñ syýahatçylyk bölümine degişli bolan täze, dördünji şahamça işläp başlady. "Turkish Airlines" awiakompaniýasynyň hem ygtyýarly agenti bolan bu kärhananyň esasy iş ugurlarynyň biri syýahatçylyk pudagy bolup durýar.

"Oguzabat" hojalyk jemgyýeti 2013-nji ýylda esaslandyrylyp, syýahatçylyk pudagynda "Oguz Syýahat" söwda markasy bilen 2016-njy ýyldan bäri iş alyp barýar. Öňdebaryjy syýahatçylyk kärhanalarynyň biri bolan “Oguz Syýahatyň” merkezi şahamçasy Aşgabat şäheriniň G.Kuliýew köçesinde ýerleşip, onuň Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde hem şahamçalary hereket edýär.

"Oguz Syýahat" tur operatory, esasan hem, şu aşakdaky hyzmatlary size hödürleýär:

  • awiapetekler: dünýäniň dürli sebitlerinden 4000-den gowrak awiakompaniýa;
  • myhmanhanalar: dünýäniň islendik künjeginden myhmanhanalary bronlamak hyzmaty;
  • iş saparlary: halkara işewürlik forumlara we sergilere gatnaşmakda guramaçylyk işleri;
  • wiza goldawlary;
  • syýahatçylyk gezelençleri: islendik görnüşde ýurdyň içinde we daşary ýurtlarda syýahatçylyk gezelençlerini (turlary) gurnamak.

Mundan başga-da, bu ýerde müşderilere goşmaça ulag, terjime, surat we kofe hyzmatlary hödürlenilýär.

Türk Howa ýollarynyň ygtyýarly wekili "Oguz Syýahatyň" şahamçalary bilen habarlaşmak üçin:

Aşgabat şäheri:

G.Kuliýew köçesi, 87. (Nurana bina 2-nji gat)

+993 60 127737 (Turkish Airlines) 

+993 60 140107

+993 12 753707

“Syýahat” myhmanhanasy

+993 63 106116

+993 60 140109

+993 12 344324

Türkmenabat şäheri:

S.A.Nyýazow köçesi, 137.

+993 61 549111

+993 422 63534

Türkmenbaşy şäheri:

"Şagadam" söwda merkezi

+993 61 654999

+993 243 60991

Elektron poçtasy: info@oguztravel.com

Web sahypasy: www.oguztravel.com

2022