Türkmenistanyň Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 14-15-nji oktýabrda “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurtda ilkinji gezek guraldy.
Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň aktýorlary, režissýorlary, kino, teatr artistleri, prodýuserleri gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, halkara çärä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň režissýory Dilşodbek Usmanow, “Russia Today” teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte, film tankytçysy Ihsan Nurullah Kabil, režissýor Israfil Kuralaý, “Bozdag Film” kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, türk kino ýyldyzlary — Burak Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçy, “Monde et Media” fransuz kompaniýasynyň artisti Eduar Montut hem-de prodýuseri Žan-Mari Laronz bar.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň taýýarlan “Oguz han” atly edebi-sazly çykyşy, “Türkmenfilm” birleşiginde ozal surata düşürilen filmlerden hem-de medeni foruma gatnaşýan daşary ýurtlaryň filmlerinden halk sazlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem kinofestiwalyň dowamynda oňa gatnaşýan ýurtlaryň filmleriniň görkezilişi geçirildi.
Medeni çäräniň jemleýji gününde — 15-nji oktýabrda halkara kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Halkara kinofestiwala gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, medeniýet ulgamyny ösdürmek baradaky aladalary, netijeli işlemäge döredilen ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, geljek ýylda bu şäherde “Gorkut ata” kinofestiwaly geçiriler.