Aşgabatda “OGT-2023” sergisi açyldy

Aşgabatda “OGT-2023” sergisi açyldy
“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara maslahaty we serginiň açylyşy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada geçirilýän çärelerden bir pursat, 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni irden “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” (OGT-2023) atly halkara sergisi açyldy. Günüň ikinji ýarymynda adybir halkara maslahaty hem öz işine başlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Bu halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi bilen, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýene-de bir möhüm ädim ädiler. Diňe çig maly eksport etmek bilen çäklenmän, gaýtadan işleýän senagaty ösdürýän Türkmenistanyň ak şäheri Aşgabatda guralan nebitgaz forumynyň hyzmatdaşlaryň sanyny artdyrjakdygyna we hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Sizi 28-nji gezek geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýlip bellenilýär.

Sergi energetika ulgamynda iş alyp barýan SOCAR, CNPC, “Gaffney Cline”, “Schlumberger”, “Dragon Oil”, “Mitro International”, “Areti International Group”, “Buried Hill”, “ENI Turkmenistan Limited”, “Yug-Neftegaz Private Limited”, “Haldor Topsoe”, “Çalık. Enerji, Mitsubishi Corporation”, “Siemens Energy LLC”, “Sumitomo Corporation Europe Ltd” ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň 50-den gowragyny bir ýere jemledi.

“OGT 2023” forumynyň maksady sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, energetika babatda dünýä meýillerine syn bermekden we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr. Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň ýangyç-energetika we nebitgazhimiýa toplumlarynyň täze maýa goýum taslamalary barada hem giňişleýin maglumat alyp bilerler.

2022