Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy bellendi

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy bellendi
Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkiýäniň ilçisiniň rezidensiýasynda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen kabul edişlik dabarasy, 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasynda ilçi Togan Oralyň gatnaşmagynda ýekşenbe güni kabul edilşik dabarasy guraldy.

Oňa şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew doganlyk türk halkyny Respublika güni bilen gutlady. Ol: “Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklary barada gürrüň gozgalanda, “Iki döwlet – bir millet” diýen örän jaýdar aýtgy ýadyňa düşýär. Biziň köklerimiziň umumylygy, ruhy gymmatlyklarymyzyň, dilimiziň we däp-dessurlarymyzyň meňzeşligi doganlygymyzyň binýadyny emele getirýär” diýip belledi.

Batyr Atdaýew soňky 30 ýylyň içinde iki ýurduň arasynda dürli pudaklarda köp sanly ylalaşyklaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilendigini belläp, şeýle diýdi: “Häzirki wagtda Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýan 100-den gowrak ýurtlarynyň içinde öňdebaryjylaryň arasyndadyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär”. Ilçi Togan Oral dabarada eden çykyşynda Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygynyň Türkmenistanda bellenilmegi mynasybetli geçirilýän şu çärede myhmanlary kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. 

Soňra Togan Oral öz çykyşynyň dowamynda çäre gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi we gutlag sözlerini beýan etdi. Şeýle hem  Respublik güni mynasybetli Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň 29-njy oktýabrda iberen Gutlagyny okady. Çäre myhmanlara türk aşhanasynyň milli tagamlarynyň hödür edilmegi bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy mynasybetli Prezident Rejep Taýyp Ärdogana gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Siziň ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek buýsançlydyr. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýlip, döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda nygtalýar.

Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Prezident Rejep Taýyň Ärdogana Gutlag hatyny ýollady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özüniň hatynda uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini nygtap, onuň giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine uly ynam bildirdi.

2022