Türkmen hususyýetçileri Almatyda, Dubaýda we Stambulda halkara sergilere gatnaşdylar

Türkmen hususyýetçileri Almatyda, Dubaýda we Stambulda halkara sergilere gatnaşdylar
“Türkmen Berk-Metal” hususy kärhanasy “Non-food Asia Expo” halkara sergisinde, 2023-nji ýylyň 9-11-nji noýabry, Almaty, Gazagystan

Türkmen hususyýetçileriniň birnäçesi oktýabr-noýabr aýlarynda BAE-de, Gazagystanda we Türkiýede geçirilen halkara sergilere gatnaşdylar.

Gazagystanyň Almaty şäherinde 9-11-nji noýabr aralygynda geçirilen “Non-food Asia Expo” halkara sergisinde Türkmenistandan “Türkmen Berk-Metal” hususy kärhanasy hem-de “Bagtly zamana” hojalyk jemgyýeti öz öndürýän kir ýuwujy we ýuwujy serişdelerini sebit ýurtlarynyň alyjylaryna hödürlediler.

Sergide “Türkmen Berk-Metal” hususy kärhanasy “Arýa”, “Ari”, “Güneş”, “Emaý”, “Sar” haryt nyşanly önümlerini görkezdi. “Bagtly zamana” hojalyk jemgyýeti bolsa “Aýnur”, “Aknur” “BZ” haryt nyşanly kir ýuwujy serişdelerini hem-de “Päkize” sabynlaryny sergä gelenlere hödürledi.

“Biz eýýäm birnäçe wagtdan bäri öz önümlerimizi Gazagystana, Özbegistana, Gyrgyzystana, Täjigistana eksport edip gelýäris. Bu sergi bazarda eýeleýän ornumyzy berkitmäge we täze söwda geleşiklerini baglaşmaga amatly ýagdaýy döretdi” diýip, “Türkmen Berk-Metal” kähanasynyň eksport boýunça hünärmeni Nazar Döwletow “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 7-9-njy noýabr aralygynda “Gulfood Manufacturing” sergisi bilen ugurdaş geçirilen “ISM Middle East 2023” azyk sergisine “Täze Aý” hususy kärhanasy gatnaşyp, öz öndürýän azyk önümlerini Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň sarp edijilerine hödürledi.

"Täze Aý" kärhanasynyň süýt we doňdurma bölüminiň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça menejeri Sapa Hojanepesowyň mälim etmegine görä şu ýyl kärhana öz öndürýän doňdurma önümlerini Dubaý şäherinde iki söwda nokadynda satyp başlady. “Täze Aý” konditer önümleri bolsa Azerbaýjana, Özbegistana, Täjigistana, Ýemene we Owganystana eksport edilýär. “Sergide önümlerimizi daşary ýurtlara eksport etmek maksatly birnäçe gepleşikler geçirdik, ýakyn wagtda bu gepleşikleriň netijesine garaşýarys” diýip, Hojanepesow belläp geçdi.

Şeýle-de Türkiýänyň Stambul şäherinde 23-26-njy oktýabrda geçirilen “Eurasia Packaging 2023” halkara sergisine Türkmenistandan "Garagum" hojalyk jemgyýeti, “Peragat” hojalyk jemgyýeti, “Gök bakja” hususy kärhanasy, “Lebiz Plastik” hojalyk jemgyýeti özleriniň öndürýan gaplama önümleri bilen gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022