Aşgabatda “Agro-Pak Türkmenistan-2023” sergisi öz işine başlady

Aşgabatda “Agro-Pak Türkmenistan-2023” sergisi öz işine başlady
“Agro-Pak Türkmenistan - 2023” atly azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi, 2023-nji ýylyň 28-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda sişenbe güni “Agro-Pak Türkmenistan - 2023” ady bilen azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi öz işine başlady.

Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän bu halkara sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkiýäniň “Sofuar” kompaniýasy bilen bilelikde gurnaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň “Agro-Pak Türkmenistan - 2023” atly halkara sergisine gatnaşyjylary serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary bilen tanyşdyrýan we olaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna ýardam edýän “Agro-Pak Türkmenistan - 2023” atly halkara serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. Bu giň möçberli serginiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, işewürlik başlangyçlaryny kesgitlemäge, birnäçe taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we geljekki meýiller barada pikir alyşmaga giň mümkinçilikler dörediler” diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda nygtalýar.

Bu halkara sergide Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Gollandiýanyň, Russiýanyň, Eýranyň we beýleki onlarça daşary ýurtlaryň degişli pudaklarynyň kompaniýalary bilen bir hatarda Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçiler we kompaniýalar azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we gaplama enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlar boýunça öz hyzmatlaryny hem-de önümlerini hödürleýärler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilýän bu sergi 30-njy noýabra çenli dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022