Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda sişenbe güni Türkmen-amerikan işewürlik forumy öz işine başlady.
Foruma türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow, Türkmenistanyň beýleki edaralarynyň wekilleri we türkmen telekeçileri gatnaşdylar.
“Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýeti “Climate Compass”, “Case New Holland”, “Honeywell”, “John Deere”, “Palo Alto Networks”, “CNH Industrial” we “Visa” ýaly kompaniýalaryň wekillerini öz içine alýar.
Türkmen-amerikan işewürlik forumynyň barşynda wise-premýer Batyr Atdaýew, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we beýleki kompaniýalaryň wekilleri çykyş etdiler.
Forumda çykyş edenler dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny aýtdylar. Hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, innowasiýa tehnologiýalary we ekologiýa ulgamlary hyzmatdaşlygyň gelejegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.
Şeýle hem foruma gatnaşyjylar ykdysady ösüşi, infrastrukturany ösdürmegi, tehnologiki ösüşi we daşky gurşawyň durnuklylygyny höweslendirmek üçin bu pudaklary ulanmagyň möhümdigine bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda foruma gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine ynam bildirdiler.
Türkmen-amerikan işewürlik forumy 7-nji dekabra çenli dowam eder.