Türkmenistanyň Prezidentine Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Prezidentine Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy
Türkmenistanda Täze ýyl mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärlerinden bir pursat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Polşanyň Prezidenti Anjeý Duda, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi we Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Täze ýyl baýramy bilen gutladylar.

Şeýle hem daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary öz gutlag hatlarynda Türkmenistanyň Prezidentine geljek ýylda berk jan saglyk, alyp barýan işinde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl baýramy mynasybetli Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger gutlag hatyny iberdi.

2022