Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy 2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynyň çäginde ýerleşýän muzeýe türkmen milli gymmatlyklaryny we dürli dillerde çap edilen kitaplary gowşurdy.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň we ruhy däpleriniň ajaýyp nusgasy bolan bu gymmatlyklar Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi tarapyndan iberildi.
Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrap administrasiýasynyň medeni bölüminiň başlygy Ýe.Starodubowanyň ýolbaşçylygynda “Swiçado” merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktory S.Gonda we Magtymguly adyndaky kitaphananyň direktory Ýe.Zubar türkmen nusgawy şahyrynyň mirasyny has giňişleýin öwrenmäge we ýaýratmaga niýetlenen muzeý üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklara minnetdarlyk bildirdiler.
Kiýewdäki Magtymguly muzeýinde halk senetçiliginiň önümlerini, nepis dokalan haly önümlerini, zenanlaryň milli şaý-seplerini, türkmen milli egin-eşiklerini we baş gaplaryny, dutar, gyjak, gopuz we gargy tüýdük ýaly milli saz gurallaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň heýkelini, kanwada dokalan we zehinli türkmen suratkeşleriniň suratlaryny görüp bolar.
Kitaphananyň kitap gaznasy türkmen edebiýaty, hususan-da Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary we türkmen halkynyň görnükli şahyry Magtymguly Pyragy we onuň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasy baradaky kitaplar bilen dolduryldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Gündogaryň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.