TULM Gruziýanyň portlaryndan Türkmenistanyň şäherlerine konteýner gatnawlarynyň ýeňillikli nyrhlaryny hödürleýär

TULM Gruziýanyň portlaryndan Türkmenistanyň şäherlerine konteýner gatnawlarynyň ýeňillikli nyrhlaryny hödürleýär
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda konteýnerli ýük gämä ýüklenýär.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) CASCA+ Halkara Multimodal ugry boýynça Gruziýanyň Poti we Batumi portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň üsti bilen Türkmenistanyň aýry-aýry şäherlerine konteýner gatnawlarynyň aýratyn ýeňillikli nyrhlaryny hödürleýär. Bu barada TULM sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň habar bermegine görä, bahanyň möçberine eksport/import boýunça gümrük amallary, howpsuzlyk, ätiýaçlandyryş, birinji mil hem-de Poti we Batumi portlaryndaky port tölegleri we THC girmeýär.

Şeýle hem Konteýner bilen bilelikde ýüküň agramy 22 tonnadan köp bolsa, her konteýner üçin goşmaça 50 ABŞ dollary tölenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, demir ýol nyrhlarynyň üýtgän (indeksasiýa) ýagdaýynda nyrhlar bu üýtgeşmä laýyklykda sazlanýar. Şeýle hem bahalar ýük daşalýan wagtynda ekspeditoryň ýa-da demir ýoluň däl-de, ýüki iberijiniň ýa-da ýüki alyjynyň ýalňyşlygy sebäpli ýüze çykyp biljek jerimeleri tölemegi öz içine almaýar.

TULM tarapyndan bellenilien ýeňillikli nyrhlar nebit we nebit önümleriniň, ösümlik önümleriniň we howply ýükleriň daşalmagyna degişli bolup durmaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022