Türkmenistanyň Prezidenti Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşyna gatnaşdy
Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy, Ahal welaýaty, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Senagat toplumynyň ikinji tapgyry Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Beýik-Bina” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we dünýäniň sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän Germaniýanyň “KHD Humboldt Wedag” iri inženerçilik kompaniýasy çekildi. 

Habarda bellenilişi ýaly, täze zawod dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, bu enjamlar sementiň PS-400, PS-500, PS-600 görnüşlerini hem-de sulfata durnukly portlandsementi öndürmäge mümkinçilik berýär. 

Bäherden sement zawody 2005-nji ýylda ulanmaga berlip, ol Merkezi Aziýa sebitinde şunuň ýaly kärhanalaryň iň irileriniň biri bolup durýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022