Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy, Kazan, Tatarystan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Kazan şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde çarşenbe güni Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen duşuşyga iki tarapyň wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.

Tatarystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderine “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna hem-de jebisleşdiriji halkara jemgyýetçilik meýdançasy bolup çykyş edýän “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Kazana gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň hem-de dürli meýdançalarda geçiriljek duşuşyklaryň biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda nebitgaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda üstünlikli alnyp barylýan bilelikdäki işlere üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Suratlar: Tatarystanyň Baştutanynyň resmi metbugat gullugy

2022