Eýranyň işewürleri “Abadan haly” AGPJ-niň haly toplumyna baryp gördüler

Eýranyň işewürleri “Abadan haly” AGPJ-niň haly toplumyna baryp gördüler
Eýran Yslam Respublikasynyň işewür wekiliýeti “Abadan haly” AGPJ-niň haly toplumynda, 2024-nji ýylyň 29-njy maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Eýran Yslam Respublikasynyň işewür wekiliýetiniň agzalary şu ýylyň 29-njy maýynda “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly toplumyna baryp gördüler.

“Abadan haly” AGPJ-niň hünärmeniniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, wekiliýetiň düzümine Eýran-Türkmenistan Söwda-senagat edarasynyň başlygy Ramezan Bahrami, “Iran Diba” kompaniýasynyň eksport etmek boýunça bilermeni Elham Fallahiserish, “Iran Diba” kompaniýasynyň eksport etmek boýunça menejeri Mohammad Mahdi Alaghehband we eýranyň onlarça kompaniýasynyň wekilleri girdi.

Eýranyň işewür wekiliýeti “Abadan haly” AGPJ-niň haly toplumynyň dokma, ýüplük we dokma önümlerini taýýarlama bölümlerine aýlanyp gördüler we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Toplumyň hünärmenleri Eýranyň işewür wekiliýetini öndürilýän halylaryň görnüşleri, olaryň nagyşlary, önümçilikde ulanylýan çig mal bilen tanyşdyrdylar.

“Eýranyň işewür wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda haly toplumy bilen eýran kompaniýalarynyň arasynda bilelikde iş alyp barmaga mümkinçilikleriň bardygy bellendi” diýip, "Abadan haly" AGPJ-niň hünärmeni aýtdy.

2016-njy ýylda açylan “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly toplumy, Türkmenistanda iň uly haly önümlerini öndüriji kärhana bolup durýar. Bu ýerde haly önümleriniň 400-den gowrak görnüşi, ýagny “Nusaý”, “Kerwenli”, “Güneş”, “Ýalkym” ýaly görnüşleri öndürilýär.

Haly önümçiliginde ulanylýan polipropilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan satyn alynýar. Žut, reňk, sintetiki sapak, ýelim ýaly goşmaça ulanylýan çig mallar bolsa Türkiýäniň, Bangladeşiň we Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalaryna degişlidir.

2022