“Daluw” Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli önümlerini hödürleýär

“Daluw” Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli önümlerini hödürleýär
"Daluw" kompaniýasynda alnyp barylýan işlerden bir pursat

“Daluw” kompaniýasy Ýewropanyň öňdebaryjy “Ariston”, “Grundfos”, “Wilo”, “Viessmann” we “Schneider” kompaniýalarynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolup, ol bu kompaniýalaryň ýokary hilli önümleriniň we enjamlarynyň giň toplumyny müşderilerine hödürleýär.

Müşderiler “Ariston”, “Grundfos”, “Wilo”, “Viessmann” we “Schneider” kompaniýalarynyň häzirki zaman suw üpjünçilik, ýyladyş we elektrik ulgamlarynda ýokary görkezijilere eýe bolan enjamlaryny satyn alyp bilerler. Bu ýerde hödürlenilýän suw serişdelerini dolandyrmak, ýyly suw üpjünçiligi, ýyladyş we elektrik ulgamlary üçin enjamlar öndürijiligi, işi, dizaýny, ölçegleri we beýleki parametrleri bilen tapawutlanýarlar.

“Daluw” Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlaryny satyn almak üçin amatly şertleri döredýär we bu enjamlar üçin bir ýyldan bäş ýyla çenli aralykda hil kepilligini berýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri müşderilere dürli ugurlardaky takyk öndürijilikli enjamlary saýlamakda we gerek bolan enjamlary tapmakda hem-de ähli ýüze çykýan soraglara jogap bermekde ýardam berýärler.

“Daluw” kompaniýasy bilen habarlaşmak üçin:

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, G.Kuliýew köç. 23 (Myratly Gadam binasy)

Telefon belgileri:

(+993 12) 75 43 99

(+993 64) 70 33 39

Elektron salgysy: market@daluw.biz

 

2022