Türkmenistan we Eýran birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler

Türkmenistan we Eýran birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy, 2024-nji ýylyň 28-nji awgusty, Eýran (Surat: "IRNA" agentligi)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasyndaky gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Resminamalaryň sanawy:

– Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama;

– Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portynyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

– Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňemegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy.

 

Çeşme: TDH

Suratlar: "IRNA" agentligi

2022