Aşgabatda “HI-TECH Türkmenistan 2024” forumy we sergi açyldy

Aşgabatda “HI-TECH Türkmenistan 2024” forumy we sergi açyldy
Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça “HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara forum we sergi, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry, Aşgabat

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça “HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara forum we sergi öz işine başlady.

Foruma Türkmenistandan, ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistandan, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan, Beýik Britaniýadan 100-den gowrak kompaniýa gatnaşýar.

Forumyň dowamynda türkmen alymlary we inženerleri tarapyndan işlenip düzülen emeli intellekt ugrundaky iň täze taslamanyň tanyşdyrylyşy geçiriler. Bu taslama Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler boýunça möhüm ädim bolup, ýurduň dürli senagat we döwlet dolandyryş pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga taýýarlygyny görkezýär.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanda ýaş telekeçileri we innowasion taslamalary goldamak hem-de ösdürmek maksady bilen geçirilýän “StartUp Hi-Tech Türkmenistan’ bäsleşiginiň jemleri jemlener. Ýeňijiler Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň öňünde öz taslamalaryny hödürlemek, şeýle hem maýa goýumlaryna we hyzmatdaşlyk maksatnamalaryna eýe bolmak mümkinçiligine gazanarlar.

2022