Şazada adalarynda güýz öwüşginleri: Stambulyň gizlin hazynasy

Şazada adalarynda güýz öwüşginleri: Stambulyň gizlin hazynasy
Şazada adalary, Türkiýe

Şazada adalary oktýabrda dynç almak üçin iň bir özüne çekiji ýerleriň biri bolmagynda galýar. Haçanda Stambul güýz reňkine boýalan wagty, şäheriň Aziýa böleginiň kenaryna golaý ýerleşen bu adalar adamlardan çetde gezelenç etmek üçin iň gowy ýere öwrülýär. Maýyl howaly günler bu aýy gämide arkaýyn syýahat etmek we adalar toplumynda welosipedli gezelenç etmek üçin iň amatly wagta öwürýär. 

Şazada adalary diýlip wizantiýalylaryň döwründe dakylypdyr. Şol döwürler bu ýere patyşa maşgalasynyň agzalary sürgün edilipdir. Häzirki wagtda bu ýer özüniň baý ösümlik dünýäsi we ajaýyp binagärligi bilen jenneti künjekleriň biridir. Awtoulaglaryň duş gelmeýän, duş gelse-de diňe şäher elektroulagy gabat gelýän asuda darajyk köçeler sazlaşykly ýaşaýşa çagyrýar.

Adalar toplumy 9 adadan ybaratdyr. Şolaryň arasynda Büýükada, Heýbeliada, Burgazada we Kynalyada has giňden tanalýar. Her bir syýahat Bosforyň ajaýyp görnüşli gämi duralgasyndan başlanýar. Welosipedi adalara baranyňyzdan soň, kireýine alyň we owadan köçeleri synlap, binagärlik hem-de deňiz gözelliklerinden lezzet alyň. Kenarýaka garbanyşhanalarda hödürlenýän türk aşhanasynyň baý tagamlary nahar saýlaýan adamlary täsirli haýrana goýar. 

Stambuldakydan üýtgeşik gurşawy bilen tanalýan Büýükada adalaryň iň ulusydyr. Onda meşhur sagat diňi we Gün ýaşar wagtynda ajaýyp görnüşler açylýan Keramatly Georgiýanyň ybadathanasy ýerleşýär. Bu ýerde medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülen muzeýlere we taryhy binalara hem gezelenç edip bolýar. 

Adalaryň iň ýaşyly bolan Heýbeliada Keramatly Georgiýa ybdathanasy we Beýt-Ýaakow sinagogy ýaly özüniň medeni gözellikleri bilen haýran galdyrýar. Bu ýerdäki kiçiräk taryhy restoranlarda rahat wagtyňy geçirip we Degirmenburun goraghanasynyň tebigy gözelliklerinden lezzet alyp bolýar. 

Adalaryň iň ümsümi bolan Burgazada ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň we ybadathanalaryň arasynda wagtyňyzy rahat geçirmegi hödürleýär. Şeýle hem bu ýerde Sait Faik Abasyýanygyň öý muzeýini we Ýaradanyň Keşbi ybadathanasyny synlamak mümkindir. 

Adalaryň içinde Stambula iň golaýy bolan Kynalyada gysga gezelençler üçin iň gowy ýerdir. Onuň gyzyl öwüsýän topragy we kitap dükanlaryndan, garbanyşhanalardan we senetçilik ussahanalaryndan ybarat oňaýly köçeleri ýatdan çykmajak gurşawy döredýär. Günüňizi adadaky gezelençler bilen jemläň we Günüň ýaşyşyndan hem-de ýerli çörek önümlerinden lezzet alyň. 

Şazada adalary taryhy we medeni mirasy, tebigy gözelligi, aşhana lezzetleri özüne birleşdirmek bilen, Stambuly terk etmezden şäher gurşawyndan amatly gaçybatalgany hödürleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022