Aşgabatda “ITTC 2024” halkara maslahaty we sergisi açyldy

Aşgabatda “ITTC 2024” halkara maslahaty we sergisi açyldy
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” (ITTC 2024) atly halkara sergi, 2024-nji ýylyň 26-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sişenbe “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” (ITTC 2024) atly halkara maslahat we sergi açyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady. “Berkarar döwletimiz logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli wajyp ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlagynda nygtalýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly halkara maslahat pudagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň ulag jemgyýetçiliginiň ýolbaşçylarynyň bir ýere jemledi.

Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän forum ýokary derejeli plenar mejlisli we ýörite bölümli giň gerimli maksatnamany özünde jemleýär. BMG bilen bilelikde geçirilýän Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty, “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly çäre möhüm waka bolar.

“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly halkara maslahat we sergi 27-nji noýabra çenli dowam eder.

Mundan öňki “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023” atly halkara maslahaty we sergisi geçen ýylyň 3 – 5-nji maýynda geçirilipdi.

 

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

2022