Çarşenbe güni Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagta edarasynyň sergiler zalynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylary gutlady. “Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Çünki Türkiýe biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Serginiň geçýän günlerinde Türkiýäniň dürli sebitlerinden gelen kompaniýalaryň onlarçasy senagatda, oba we suw hojalygynda, gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda ýeten sepgitlerini, eksport mümkinçiliklerini görkezer. Şolaryň arasynda ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýän, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýän täze kompaniýalaryň hem bardygy guwandyryjydyr” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine dürli pudaklarda öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezýän 70-den gowrak türk kompaniýalary we birleşmeleri gatnaşýarlar.
Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistan-Türkiýe işewürler geňeşiniň mejlisi hem geçiriler.