Oba hojalyk önümlerini öndüriji öňdebaryjy golland kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek, gymmatly tejribeleri alyşmak we oba hojalygyndaky soňky innowasiýalar we işläp taýýarlamalar bilen tanyşmak maksady bilen, şu ýyl türkmen wekiliýeti Niderlandlara sapar etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.
“East-West Trade” kompaniýasynyň ýolbaşçylygyndaky agroönümçilikde öňdebaryjy alty sany golland kompaniýalaryndan ybarat wekiliýet geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary berkitmek maksady bilen Türkmenistana sapary amala aşyrypdy. Saparyň dowamynda oba hojalyk önümleriniň önümçiligi pudagynda özara gatnaşyklary ösdürmäge, öňdebaryjy usullary alyşmaga we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmäge üns berildi. Bu saparyň yzysüre, Amsterdam şäherinde oba hojalyk forumy üstünlikli geçirildi. Onda Türkmenistan oba hojalygyndaky mümkinçiliklerini görkezdi.
Golland kompaniýalarynyň Türkmenistana saparynyň dowamynda wekiliýet agzalary döwlet edaralarynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen netijeli duşuşyklary geçirdiler. Ara alyp maslahatlaşmalar üçin giň şertleri döreden duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly mümkinçilikleri öwrenildi we agrar hyzmatdaşlygynda anyk ugurlar kesgitlenildi.
Türkmen kompaniýalary we hökümet wekilleri bilen geçirilen “tegelek stol” duşuşyklarynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garalyp, bilelikdäki taslamalar üçin anyk çäreler öňe sürüldi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwlet-hususy hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, uzakmöhletleýin gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem olar bagçylyk pudagyny azyk howpsuzlygyny we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün etmekde möhüm ugur hasaplamak bilen, bu pudakdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.
Mundan başga-da, golland wekiliýeti oba hojalyk işini alyp barmagyň ýerli usullary bilen tanyşmak we işlerde öňdebaryjy golland tehnologiýalarynyň maksadalaýyk ulanylyşyna baha bermek üçin Türkmenistandaky birnäçe oba hojalyk kärhanalaryna baryp gördüler.
Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy