Türkiýe 2024-nji ýylda 62,2 million sany daşary ýurtly syýahatçyny kabul edip, syýahatçylyk ulgamynda taryhy görkezijä ýetdi. Bu ondan öňki ýyldakydan 9,8%, pandemiýadan öňki – 2019-njy ýyldaky görkezijiden bolsa, 20,3% köpdür. Türkiýe 2024-nji ýylda 60 million syýahatçynyň gelmegine garaşylan çaklamanyň üstünlikli hötdesinden gelip, eýýäm oktýabr aýynda bu görkezijini 61 milliona ýetirmegi başardy.
Syýahatçylykdan gelýän girdeji uly ösüşe eýe bolup, 61,1 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Munuň özi 2023-nji ýyldakydan 8,3% köpdür. Bu görkezijiler syýahatçylyk akymlary nukdaýnazaryndan, 2024-nji ýyly Türkiýe üçin örän üstünlikli jemlenilen ýyla öwürdi. Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary ozalkylary ýaly Türkiýe üçin öňdebaryjy bazarlar bolmagynda galýar. Muňa garamazdan, ABŞ, Hindistan we Hytaý ýaly täze ugurlar hem oňyn ösüşi görkezdiler.
Russiýanyň, Germaniýanyň we Beýik Britaniýanyň syýahatçylary ozalkylary ýaly Türkiýä gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň esasy bölegini düzýär. Şol bir wagtda beýleki ýurtlardan hem syýahatçylaryň sanynyň düýpli ýokarlanýandygy göze ilýär. Has takygy, ABŞ-dan gelen syýahatçylaryň sany 8,1%, Hytaýdan 65,1%, Hindistandan bolsa 20,7% artdy. Ortaça alanyňda, daşary ýurtlardan gelen syýahatçylar Türkiýede 10,7 gün boldular, bir syýahatçydan alnan girdeji bolsa 972 ABŞ dollaryna barabar boldy.
BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkiýe 2023-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäde iň köp jahankeşdäniň barýan bäş ýurdunyň hataryna girýär. Syýahatçylykda gazanylan şeýle üstünlikler daşary ýurtly syýahatçylar üçin Türkiýäni özüne çekiji we geljegi uly ugur hökmünde görkezýär.